Lebap welaýatyndaky «Zerger» AÝGB-de abatlaýyş işleri başlandy

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň gurluşykçylary AÝGB-leri abatlamak we täzeden meýilnamalaşdyrmak, abatlamak, ýangyç we çalgy ýaglaryny saklamak üçin dik göwrümleri gurmak boýunça işleri toplumyny amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda şeýle işler Lebap welaýatynyň çäginde «Türkmennebitönümleri» kärhanasynyň «Zerger» şahamçasynda amala aşyrylýar.

Gurluşyk-abatlaýyş işleri ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. Kärhananyň tejribeli hünärmenleri zerur bolan ähli bilimlere we başarnyklara eýe bolup, döwrebap tehnologiýalary, materiallary we enjamlary peýdalanýarlar. AÝGB-de abatlaýyş işleriniň çäklerinde sygymlylygy 10,4 müň kub metr bolan on sany çan oturtmak, şeýle hem täze bina gurmak we töweregi abatlamak meýilleşdirilýär.

«Zerger» AÝGB-ni abatlamak işleri tamamlanandan soňra, bu desga ýokary hilli hyzmatlaryny ýene-de awtoulag eýelerine hödürläp başlar.

Meňzeş täzelikler

2014