Nebitiň bahalary maý aýyny düýpli ýokarlanyş bilen jemleýärler

ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dartgynlylygyň artmagy netijesinde anna güni nebitiň bahalary aşaklaýarlar. Muňa garamazdan, maý aýyny düýpli ýokarlanyş bilen jemleýärler. Interfaksyň habar bermegine görä, «Brent» söwda belgili nebit şu aýda 39 göterim, «WTI» bolsa 76 göterim gymmatlady.

«Brentiň» iýuldaky fýuçersleriniň bahasy 34,96 dollara deň bolup, deslapky söwda sessiýasyndakydan 0,94 göterim aşak düşdi. Penşenbe gününiň netijeleri boýunça şertnamalaryň bahalary 1,6 göterim ýokarlanyp, 35,29 dollara deň boldy. «Brentiň» iýul şertnamalarynyň hereketi anna güni tamamlanýar. Has işjeň söwdalaşylýan awgust fýuçersleri 0,8 göterim aşaklap, 35,74 dollara deň boldy.

«WTI» nebitiniň iýul boýunça fýuçersleri 1,31 göterim aşaklap, 33,27 dollara deň boldy. Penşenbe güni bazarlar ýapylýança, onuň bahalary 2,7 göterim ýokarlanyp, 33,71 dollara ýetdi.

Treýderleriň ünsi Waşington bilen Pekiniň gatnaşyklaryna gönükdirilen. Bu gatnaşyklar Hytaýyň Gonkong üçin milli howpsuzlyk babatda hususy kanunyny kabul etmegi bilen düýpli ýaramazlaşdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp anna güni Hytaýyň Gonkong babatda gözegçiligi güýçlendirmek synanyşygyna jogap edip, görjek çärelerini yglan etjekdigini beýan etdi. Treýderler ABŞ hytaý harytlary üçin ýakynda ýatyran salgytlarynyň belli bir bölegini dikelder diýip çekinýärler, diýip AxiCorp hünärmenleri belleýär.

«Şeýle hem OPEC+ ýurtlarynyň häzirki nebit çykaryş çäklendirmelerini ýakyn aýlarda hem saklap biljekdikleri baradaky mesele galýar» - diýip Samsung Futures Inc. kompaniýasynyň çig mal bazarlary boýunça analitigi Kwangrae Kim belleýär.

Meňzeş täzelikler

2014