Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 67-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, awtobenzin EKO 93 («Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen), plastik gaplar Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Belizden we Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen täjirleriň söwdasynyň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah matalar we ýüplükler, dokma önümleri, jinsi matalar, el halylar ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan gelen täjirler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 464 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe Respublikasyndan gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million manatdan gowrak bolan el halylaryny hem-de nah ýüplükleri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 17 million 400 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni («Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen) hem-de halylaryny satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014