Prezident Türkmenistan — Owganystan – Pakistan energiýa geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda duşenbe günni geçiren iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşiň durnukly ýokary depginini saklaýandygyny we diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksport edilýän mukdaryny yzygiderli artdyrýandygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik beketleri bilen ýetirildi. Häzirki döwürde bu işler netijeli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň döwletara energiýa magistralynyň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmen Lideri Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermegiň geljekki ugurlary barada aýdyp, türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan taslamanyň goňşy ýurtda degişli düzümiň kemala getirilmegini, täze iş orunlarynyň döredilmegini, iň esasy bolsa, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna kömek etjekdigini belledi.

Häzirki döwürde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen TOPH gaz geçirijisi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetlidir.

 

Meňzeş täzelikler

2014