Prezident: ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesi — maýa goýumlary, öňdebaryjy dünýä tejribesini we döwrebap tehnologiýalary çekmek

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bölümleriniň düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagyndaky ýataklardan nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly halkara täjirçilik taslamalaryna gatnaşmagy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasy hödürlenildi. Türkmen nebitçileri şol kompaniýalar bilen «Hazar» şertnamalaýyn çägi boýunça «Önümi paýlaşmak hakyndaky» şertnamanyň hem-de «Bilelikde iş alyp barmak hakyndaky» ylalaşygyň şertlerinde degişli işleri alyp barýarlar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Durnukly ösüşi üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin baý tebigy serişdeleri, nebitgaz ulgamynyň ylmy-tehniki kuwwatyny netijeli ulanmak şol syýasatyň esasy maksady bolup durýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Buýrugyň taslamasyna gol çekip we ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberip, daşary ýurt maýalaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de döwrebap tehnologiýalary çekmek barada anyk tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014