Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary ösüşiň ýokary depginini saklaýarlar

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly şertlerde ýurdumyzyň nebitgaz toplumy önümçiligiň ýokary depginini saklap galýar. Bu ösüş täze känlerini, şol sanda Hazaryň türkmen kenarynda, Amyderýanyň boýunda, şeýle hem «Galkynyş» käninde senagat taýdan işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary mynasybetli saklanýar.

Netijede nebitiň we gazyň önümçilik möçberleri artýar. Mysal üçin, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda 4 million tonnadan gowrak nebit we gaz kondensaty gazylyp alyndy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, nebithimiýa pudagynyň önümçilik görkezijileri ýokarlandy, önümleriň hili ýokarlandy, görnüşleri artdy. Polipropileniň we polietileniň, binýatlyk tehniki ýagyň, gidro arassalanan dizel ýangyjynyň, sintetik benziniň önümçiligi ýola goýuldy.

Önümçilik möçberleri diňe bir Türkmenistanyň içerki zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň bir bölegini amatly bahadan eksporta ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 746 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy, şeýle hem 750 müň tonna benzin öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70 müň tonna benzin köp öndürildi.

Mundan başga-da, Türkmenistan gaz potensialyny hem ösdürýär we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga ymtylýar. Şu maksat bilen birnäçe taslamalaryň üstünlikli amala aşyryldy, olaryň hatarynda Türkmenistan – Hytaý halkara gaz geçirijisi mynasyp orun eýeleýär. Netijede Türkmenistan Hytaý üçin turba geçiriji gazy iň iri eksport ediji döwlet boldy.

2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýurtda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metre golaýy çykarylyp, onuň 14 milliard kub metrden gowragy eksport edildi. Şeýle hem 86 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi, bu görkeziji 2019-njy ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde 13 müň tonna köpdür.

Köpugurly gaz ulag infrastrukturany giňeltmegiň nobatdaky tapgyry Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bolup durýar. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň 207 kilometrlik türkmen böleginde kebşirleme işleri tamamlandy. 133,7 km-de ýer işleri ýerine ýetirildi, tranşeýalara 107,4 km turba geçiriji oturdyldy. Mundan başga-da, uzynlygy 203 km bolan giriş ýoly çekildi, 20 kilometrde elektrohimiýa gorag ulgamy ornaşdyryldy.

Ýurdumyzyň içerki bazarlarynda tebigy gazyň sarp edilişiniň artýandygy hem möhüm ähmiýetlidir. Bu köp sanly senagat we sosial maksatly desgalaryň işe girizilmegi, şeýle hem gazy gaýtadan işleýän senagatyň mundan beýläkki ösüşi bilen baglanyşyklydyr.

Meňzeş täzelikler

2014