«Türkmennebit» DK-nyň geofizikleri geofiziki barlaglaryň gerimini giňeldýärler

«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hereket edýän tehnikalarynyň we awtoulaglarynyň ähli görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, material-tehniki binýadyň berkidilmegi geofiziki barlaglary geçirmegiň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda türkmen geofizikleri hil babatda täze tehnologik derejä çykýarlar, bu bolsa önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Netijede 2020-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeleriň möçberi 27 mln 548,1 müň manada deň boldy, bellenilen meýilnama 124,6 % ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende görkeziji 6,8 mln manat ýokarlandy.

Müdirligiň hünärmenleri tekerli döwrebap barlaghanalar bilen üpjün edilipdir, olar ýokary geçijiligi we ykjamlygy bilen tapawutlanýarlar. Bu bolsa Garagum şertlerinde örän uly ähmiýetli aýratynlykdyr. Müdirlikde önümçilige ýokary tehnologik enjamlary, geofiziki we kompýuter tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly barlaghanalar we beýleki ekspedision gulluklary hereket edýär.

Ýokary görkezijileri gazanmakda Ekerem we Hazar şäherlerine senagat-geofiziki ekspedisiýalar, şeýle hem ýokary tehnologiki enjamlary we kompýuter tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça Balkanabat ekspedisiýalary mynasyp goşant goşdular.

Meňzeş täzelikler

2014