Talyplaryň önümçilik tejribeligi

Daşoguz welaýat häkimliginiň hünär mekdebiniň talyplary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işgärleriniň üstüni ýetirmäge taýýarlyk görýärler. Nazary bilimler bilen birlikde uçurymlar nebit we gaz çykarmak boýunça operator, nebiti we gazy toplaýjy, elektrik, buhgalter ýaly hünärler boýunça amaly endikleri ele alarlar.

Talyplaryň tejribelik geçmegi hünär bilim maksatnamasynyň hökmany bölegi bolup durýar. Bu öz gezeginde geçilen nazary materiallary berkitmäge, önümçilik tehnologik prosesleri dolandyrmakda zerur bolan amaly endikleri ele almaga mümkinçilik berýär.

Şu ýyl talyplaryň tejribelik geçmegi üçin ýerleri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasy, «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk müdirligi we Daşoguz welaýatynyň beýleki önümçilik guramalary hem-de kärhanalary hödürlediler. Tejribeligiň möhleti 12 hepde dowam eder.

Amaly sapaklarda talyplar nebiti we gazy gözlemekde, çykarmakda, seljermekde, ibermekde, saklamakda we gaýtadan işlemekde amala aşyrylýan işleriň ähli taraplary bilen tanyş bolarlar. Bu bilimler olara geljekde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda üstünlikli işlemegine ýardam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014