«Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirligi guýularyň öndürijiliginiň ösüşini üpjün edýär

«Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirliginiň häzirki zaman tehnikalaryna we döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalaryna ýurdumyzyň dürli gaz känlerinde duş gelmek bolýar. Şular ýaly tehnologik enjamlaryň hatarynda — «JEREH» (HHR) toplumlaýyn önümçilik kuwwatlyklary bar.

Tutuş dünýäde giň ulaanyşa eýe bolan we ykrar edilen, birnäçe ýyl mundan öň satyn alnan enjamlar guýulary sementleşdirmek ulgamynda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde abatlaýyş işlerini geçirmekde hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

Şu ýylyň bäş aýynda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri «Galkynyş», «Kerwen» «Malaý» känlerinde guýularyň turbalaryny berkitmek we ýokary hilli sementleşdirme işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Önümçilik kärhanasynyň esasy işi turbalary sementleşdiriji ergin bilen berkitmek bolup durýar. guýulary sementleşdirmek işi guýularda oturtmak işiniň ähli tapgyrlarynda düýpli üns berilmegini talap edýän çylşyrymly wezipe bolup durýar. Hünärmenleriň hünär derejesi we döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy netijesinde tamponaž müdirligi sazlaşykly gural ýaly işleýär.

Ýakynda «Galkynyş» meýdançasynda plastlaryň öndürijiligini artdyrmak maksady bilen № 267 we 301 guýulary duz kislotasy bilen işläp taýýarlamak işi üstünlikli geçirildi. Duz kislotasynyň täsiri netijesinde gaz plastlarynda boşluk emele geldi, netijede plastlaryň arassalanmagy olaryň öndürijiligini ep-esli artdyrdy.

Hünärmenleriň mynasyp zähmeti we hünär derejesi öňde goýlan wezipeleri üstünlikli we ýokary hilli çözmäge mümkinçilik berýär.

Meňzeş täzelikler

2014