TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlaryny, hususan-da, gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ilerletmek, ykdysady gatnaşyklaryň netijeleri we olara baha bermek, energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, dokma, gämi gurluşyk we maglumat-tehniki (ICT) senagaty boýunça hyzmatdaşlyk, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynda täze taslamalaryň gurluşygyna we bar bolan önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmaklary babatdaky mümkinçiliklerine garaldy.

Meňzeş täzelikler

2014