Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň deňiz ýollary arkaly iberilmeginiň netijeli logistikasyny üpjün etmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanyna pudagyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda «Türkmenistanyň deňiz portlarynda nebit we nebit önümleri bilen ýük dolanyşygynyň tertibini» kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşyny we gaýtadan işlenilişini durnukly artdyrmak meselelerine ilkinji derejede üns berip, garamagyndaky düzümleriniň işine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de birnäçe maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara degişli anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, häzir Hazar sebiti geosyýasy we geoykdysady işleriň möhüm merkezleriniň birine okgunly öwrülýär, bu ýerde deňiz, gury ýer we howa ýollary, geljegi uly energetika ugurlary bilen birlikde, dünýä derejesindäki kuwwatly ulag-üstaşyr halkasy kemala getirilýär.

Bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň ulag strategiýasyna laýyklykda hem-de kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň bähbitlerini nazarda tutup, has oňaýly logistiki ugurlary işläp taýýarlamak zerur diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda Hazarýaka Döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylda geçirilen V sammitinde anyk başlangyçlaryň öňe sürlendigini, şonda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilendigini belledi.

Türkmen Lideri wise-premýere netijeli logistikany üpjün etmek, ilkinji nobatda, ýurdumyzda öndürilýän nebitgaz senagatynyň önümlerini eksport etmek üçin deňiz portunyň häzirki zaman düzümlerine eýe bolan ýöriteleşdirilen deňiz terminallarynyň we beýlekileriniň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014