Habarlaryň arhiwi ()

TNGIZT önümleri öndürmek boýunça ýarymýyllyk meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sanaw boýunça bellenilen önümleriň aglabasy boýunça birinji ýarymýyllyk üçin önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Birinji ýarymýyllygyň netijeleri boýunça TNGIZT önümleri öndürmegiň durnukly ösüşini görkezmegi başardy. Hasabat döwründe 2 mln 946 müň tonna nebit çig maly gaýtadan işlenildi, meýilnama 103 göterim ýerine ýetirildi. Meýilnama awtobenzinleri, kerosinleri, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy,...

Ýarym ýylyň jemine garaldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda üstümizdäki 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýerine ýetirilen işlere baha berlip,...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümetini 6-njy awgusta çenli zähmet rugsadyna çykardy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň hökümetine nobatdaky zähmet rugsadyny berdi. BU çözgüdi döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde kabul etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň erbet bolmandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmek...

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň ýarym ýyl boýunça ösüşiniň netijeleri maslahatlaşyldy, ýolbaşçylar wezipelere bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde 2020-nji ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda gazanylan netijeler seljerildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow alty aýda gözegçilik edýän ulgamlarynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer nebit we gaz kondensaty bilen...

Birinji ýarymýyllykda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9% boldy

Türkmenistanda alty aýda jemi içerki önümiň möçberi 5,9 göterim artdy. Bu barada geçen anna güni giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berildi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi. 2020-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda makroykdysady görkezijiler barada hasabat berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň öndürilişi 4,4 göterim köpeldi...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 77-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli polietilen we polipropilen önümleri hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid döküni...

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Lapis Lazuli taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça täze ulag geçelgesini döretmek taslamasy Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda geçirilen wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşykda maslahatlaşyldy. Maslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň...

Türkmenistanyň BSG goşulmagy daşary ýurt maýalaryny çekmäge mümkinçilik berer — DIM

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegine, maýadarlar we söwda hyzmatdaşlary üçin kepillikleri we aç-açanlygy üpjün eder. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) “Fokusda goşulmak: Ýewraziýa” atly onlaýn seminaryň bäşinji mejlisinde belledi, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde...

HNGU-nyň talyplary Türkmenistanyň YA-nyň Himiýa institutynyň ylmy mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

Ýakynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň birinji ýyl talyplary professorlaryň we beýleki mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň barlaghanasyna baryp gördüler. Bu ýerde talyplar ulanylýan tehnologiýalaryň, sygymlary arassalamagyň we guratmagyň usullary, reaktiwler we olaryň saklanyş usuly, şeýle hem nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmegiň, mineral serişdeleriň himiki düzümini we fiziki-himiki aýratynlyklaryny öwrenmegiň dürli görnüşleri...

«Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezinde hünär kämilleşdiriş boýunça şahadatnamalar gowşuryldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezinde nebitgaz pudagynda, geologiýada, gazhimiýa we nebithimiýa senagatynda zähmet çekýän hünärmenlere hünär derejesini kämilleşdiriş hakynda şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. 2019-2020-nji okuw ýylynda 1066 sany diňleýji bilimini artdyrdy, şolardan 435 sany hünärmen «Türkmengaz» DK-dan, 165 sany hünärmen «Türkmennebit» DK-dan we 433 hünärmen «Türkmengeologiýa» DK-dan. Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär....

«Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirliginiň awtoparky Russiýanyň ýöriteleşdirilen tehnikalary bilen dolduryldy

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde pudagyň kärhanalary we guramalary üçin häzirki zaman tehnologiki serişdeler, mehanizmler we ýöriteleşdirilen awtoulaglar satyn alynýar. «Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirliginiň awtoparky döwrebap sementleýji ýörite tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry bilen dolduryldy. Täze tehnikalar köpýyllyk iş tejribesi bolan tejribeli sürüjilere berkidildi. Munuň özi täze ulaglaryň uzak hem...

TNGIZT ýylyň başyndan bäri suwuklandyrylan gazyň eksportyny iki esse artdyrdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2020-nji ýylyň doly däl alty aýynda eksporta ugratmak üçin 45 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz taýýarlady. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 201 göterim artykdyr. TNGIZT ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndüriji iri toplum bolup durýar. Bir ýylda bu kärhana bu önümiň üç ýüz müň tonnadan gowragyny ýa-da ýurdumyzda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň jemi möçberiniň...

Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 63 ýaşy doldy. Bu ýaş yslam dünýäsinde pygamber ýaşy hasaplanylýar. Türkmen halky üçin möhüm sene bolan pygamber ýaşyna ýetmegi bilen Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümeti, Prezidentiň iş dolandyryş diwanynyň jogapkär işgärleri we beýlekiler gutladylar. Halk baradaky alada döwletimiziň baş wezipesi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň tutuş durmuş-ykdysady syýasatynyň özeninde...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň deňiz ýollary arkaly iberilmeginiň netijeli logistikasyny üpjün etmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän anyk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polipropilen we polietilen («Türkmengaz» DK) Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň täjirleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt...

2014