Habarlaryň arhiwi (2020-4-16)

BSG girmegi Türkmenistana bäsdeşlik artykmaçlyklaryny peýdalanmagyna mümkinçilik berer: Hökümet topary

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesini almagyna degişli anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar. Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli...

HSB eksport harytlarynyň wirtual sergisini gurnamakda Türkmenistana ýardam berer

Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň...

2014