Habarlaryň arhiwi (2020-4-23)

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumynda we himiýa senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplanylan işewürlik gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp,...

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary pandemiýa we dünýä ykdysady çökgünligine garşy göreşi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda koronawirus pandemiýasy şertlerinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdy. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde adamzat giň geografik giňişlikleri gurşap alan hem-de köp sanly döwletleriň we halklaryň adaty durmuşyny üýtgedýän täze, örän howply ýagdaýa gabat geldi. Şunuň bilen baglylykda,...

2014