Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň täze orunbasaryny belledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şageldi Annasähedowiç Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli resminama döwlet Baştutany 2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda gol çekdi. Bu wagta çenli Şageldi Hangeldiýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ýöriteleşdirilen gurnama-önümçilik birleşiginiň taslama işlerini dolandyrmak müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýärdi.  ...

Energetika howpsuzlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baku sammitindäki çykyşynda täzeçe öwüşgine eýe boldy

Goşulyşmazlyk hereketiniň Baku Forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda energetika howpsuzlygy temasy täze öwüşgine eýe boldy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifingde belledi. Bellenilişi ýaly, onuň täzeçiligi Türkmen döwletiniň baştutanynyň adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmeleriniň we olary ibermek serişdeleriniň deňhukukly elýeterliligine esaslanýan energiýa howpsuzlygynyň ählumumy ulgamynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş...

«Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezi — pudagyň hünärmenleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ugur

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleri hünär derejesini üstünlikli ýokarlandyrýarlar. Gysga möhletleýin öwrediji kurslar pudagyň kärhanalarynyň işiniň dürli ugurlary boýunça geçirilýär. Hünär derejesini ýokarlandyryş maksatnamalary hünär işini alyp barmak üçin zerur bolan täze bilimleri we başarnyklary almaklyga we kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Bilim maksatnamasynyň dowamlylygy 72 sagada niýetlenendir....

Prezident: TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamaly

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen şenbe güni geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Özbegistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Anna güni Bakuwyň Kongresler merkezinde Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna baran Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Azerbaýjanyň Baştutany Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketi guramasynyň esasy ýörelgeleri bilen ugurdaş gelýän parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýandygyna ýokary baha berdi. Bu gurama...

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär

«Turkmen Petroleum» kompaniýasy TNGIZT-niň önümleriniň ýerleniş bazarlaryny işjeň giňeldýär. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän önümleriň 500 müň tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratdy. Bu görkeziji geçen ýylky möçber bilen deň bolup, ýylyň ahyryna çenli satuwlary 800 müň tonna çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. «Turkmen Petroleum» 2016-njy ýyldan bäri toplumyň halkara dellaly...

Seýdiniň NGIZ: önümçiligiň durnukly ösüşi

2019-njy ýylyň 9 aýynyň netijeleri boýunça Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody önümçiliginiň durnukly ösüşini saklap galdy. Kärhanany mundan beýläkki gaýtadan işlemek üçin çig mal bilen üpjün etmek meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 113,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe zawoda 427 tonna çig nebit getirildi, şolardan 440,2 müň tonnasy gaýtadan işlenildi, nebit önümleriniň önümçiligi 373,3 müň tonnadan gowrak boldy. Meýilnamadan...

ÝB-niň we Bütindünýä bankynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşçisi bilen Ýewropa gaz ibermegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Aşgabatda Ýewropa komissiýasynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, bank düzümleriniň, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda geljekde türkmen gazyny Ýewropa ibermekligiň ýollary maslahatlaşyldy. Ýewropa komissiýasynyň Energetika direktoratynyň wekili Erlendas Grigorowiç tebigy gazyň Ýewropanyň energetika bazarynyň esasy düzüjisi bolmagynda galjakdygyny belläp, kontekstde...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Täze neşiriň ilkinji sahypalary «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýyl ýazgysy» diýen däp bolan rubrika bagyşlandy. Bu rubrikada Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura we Tatarystana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde geçiren duşuşyklaryna bagyşlanan makalalar çap edildi. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin...

ÝB Hazarüsti gaz geçirijisini geljegi uly taslamalaryň hataryna goşdy - Grigorowiç

Bu günki gün Ýewropa we Türkmenistan hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş direktorynyň wekili Erlandes Grigorowiç «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» halkara maslahatynyň ikinji gününde «Türkmen gazyny Hazarüsti gaz geçirijisi bilen Ýewropa eksport etmegiň mümkinçilikleri» temasy boýunça çykyşynda belledi. Türkmenistan ägirt uly mümkinçiliklerini...

Tokioda Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça türkmen-ýapon resminamalarynyň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalar taraplaryň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini berkitdi. Hususan-da, Gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän häzirki zawodynyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada...

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler

Tokioda «Akasaka» köşgünde Türkmenistannyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Şunda Günüň dogýan ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy, Ýaponiýa Türkmenistany özüniň möhüm we jogapkärli hyzmatdaşy hasaplaýar. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir...

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 12 milliard dollaryna barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 37-siniň hasaba alnandygyny nygtady. Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary,  şeýle hem hökümet agzalarynyň,...

CNPC: 10 ýylyň içinde Türkmenistandan Hytaýa 252,1 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda çenli ýagdaýa görä, Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 252,1 mlrd kub metre barabar boldy. Bu barada CNPC-niň wise-prezidenti Wan Çžunsaý Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly 24-nji halkara maslahatynda belledi. «2019-njy ýyl — Hytaýa gaz ibermekligiň başlanmagynyň 10-njy ýyly. Häzirki wagtda Hytaýyň 22 sany welaýatynyň we awtonom...

2014