Habarlaryň arhiwi ()

«Awazada» Merkezi Aziýada iri Dynç alyş we güýmenjeler merkezi bina edilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýada iri Dynç alyş we güýmenjeler merkezi bina edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň esasy buýrujysy hökmünde «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni, baş potratçysy — «Balkannebitgazgurluşyk» tresti, kömekçi potratçy — «Hatipoglu insaat we Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýasy çykyş edýär. Bu günki gün akwaparklar bütin dünýäde meşhurlykdan peýdalanýar. Çünki olar işjeň dynç alyş...

TNGIZT-da täze desgalar

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bios-ýöriteleşen polipropilen örtgülerini öndürýän desgany işe girizmek meýilleşdirilýär. Desganyň önümçilik kuwwaty ýylda 21 müň tonna barabar bolup, netijede iýmit önümlerini gaplamakda giňden ulanylýan bios-ýöriteleşen polipropilen örtgüleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýlar. Geçen ýylda zawodda birnäçe desgalar, şol sanda alkilirleme, izomerizasiýa we kömekçi ulgamlaryň desgalary işe girizildi....

“Awaza” – täze döwrüň aýdyň nyşany

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy  Hazaryň  kenarynda kemala gelýän döwrebap dynç alyş düzümiň üstüni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilýen naýbaşy myhmanhana toplumy ýetirer.   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni bu desganyň baş buýrujysy we potratçysy bolup durýar. Potrat işlerine “EKOL” firmasy (Türkiýe) çekildi.   “Hazar” myhmanhanasynyň golaýynda bina edilen täze kaşaň myhmanhana...

Sentýabrda Mahaçkalanyň üsti bilen türkmen nebitiniň ugradylyşy dört esse artar

Iýulyň ortalaryndan başlap eksport edijiler bilen şertnamanyň gaýtadan dikeldileni bäri, Mahaçkalanyň deňiz söwda portundan (MDSP) 36 müň tonnadan gowrak türkmen nebiti ugradyldy, diýip On Kavkaz informasion-analitik portaly portuň ýolbaşçylaryna salgylanyp habar berýär. Öň şu ýylyň maý we iýun aýlarynda Mahaçkalanyň üsti bilen türkmen nebitiniň ugradylyşy bütinleý togtadylypdy. «Transneftiň» wekilleriniň aýtmagyna görä, nebitli tankerler «Dagnefteprodukt» kärhanasynyň kanagatlanarsyz...

Gidrogeologlar ynamy ödeýärler

Ýurt Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly toýyna ynamly gadamlar bilen barýan Türkmenistanyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu möhüm wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezýärler. 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda kärhananyň işgärleri kuwwatly awtoulaglara oturdylan buraw...

Pekin «Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny togtatmagy meýilleşdirmeýär

Hytaýyň Hökümeti «Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny togtatmagy meýilleşdirmeýär hem-de bu taslamanyň geljeginiň ýakyn wagtda kesgitlenilmegine bil baglaýar. Bu barada Sputnik daşkent internet-portaly HHR-iň Söwda ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň wise-sekretary Luo Weý Donga salgylanyp habar berýär. Öňräk HBS-leriň birnäçesinde Hytaýyň Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatmak mümkinçiligine seredýänligi barada...

Naýyp we Bagaja suwuklandyrylan gazyň önümçiligini we eksportyny artdyrýar

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Naýyp we Bagaja ýataklaryndaky suwuklandyrylan gaz öndürýän desgada 3,7 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işlenildi. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 20 göterime golaý artykdyr. Netijede 80,7 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürilip, ol meýilnamada görkezilen möçberden 47 göterim artykdyr. Öndürilen önümleriň umumy möçberinden 76,7 müň tonnadan gowragy eksporta iberildi. Bu hem meýilnamalaşdyrylandan...

Deňiz ýakasynyň nebithimiýaçylary tam toýlaryny tutdular

Deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanmaga berildi. Olar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça bina edildi. Şanly waka mynasybetli geçirilen dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, adamlaryň netijeli zähmet çekmegi we...

Buraw boýunça bellenilen meýilnamadan ep-esli öňde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň burawçylary birinji ýarym ýyllygyň buraw meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Meýilnamada 35 müň 631 metr möçberde barlag we ulanyş burawy göz öňüne tutulanlygynda, ýanwar-iýun aýlarynda 48 müň 998 metr çuňlukda guýular burawlandy. Şeýlelikde, alty aý üçin buraw meýilnamasyny müdirligiň işgärleri 37,5 göterim ýerine ýetirdiler. Netijede, guýulary burawlamak boýunça meýilnamadan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen işewürler daşary ýurt puluna nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million...

Seýdiniň NGIZ-da iri taslama tamamlanyp gelýär

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda Ýewro-5 kysymly täze nesliň benzinini öndürmek boýunça desgada mehanika-montaž işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Awgustyň ahyrynda enjamy tehnologiki taýdan barlap görmek üçin ony barlag tertibinde işe girizmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda desgada turba geçirijiniň detallaryny birleşdirmek, ony arassalamak we ýuwmak, barlag-ölçeg enjamlaryny hem-de awtomat dolandyryş ulgamlaryny we.m. ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Şonuň...

Gögerendag ýatagynda täze guýular ulanyşa girizildi

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň 2-nji sehiniň işgärleri nusgalyk zähmet üstünliklerini görkezýärler. Gögerendag, Ördekli, Ekizek ýaly ýataklardaky guýulara hyzmat etmek bilen, sehiň zähmetkeşleri çykarylýan önümiň mukdarynyň hemişe ýokary bolmagyny üpjün edýärler. Ýakynda sehiň nebitgaz çykaryjylary guýularda buraw we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işlerini tamamlap, olary ulanyşa girizdiler. Netijede täze...

Halkyň abadan ýaşamagynyň hatyrasyna

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze döredilen ilatly nokatlardaky ýaşaýyş jaýlaryny we kärhanalary gysga wagtda gazlaşdyrmak boýunça anyk wezipeleri öňde goýdy. Şeýle ilatly nokatlaryň sany Türkmenistanda ýylyň-ýylyna barha artýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň Lebap welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-montaž brigadalarynyň tejribeli işgärleri bu ugurda ýokary depginler bilen zähmet çekýärler. — Ýurtda ilat üçin...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna...

Ýewropa ýurtlary üçin türkmen gazy

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda Türkmenistandan Ýewropa geçiriljek gaz geçirijiniň gurluşygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Ýewrokomissiýadan bir çeşmä salgylanyp, Trend habarlar agentligi habar berýär. Ýewropa Komissiýasy 2015-nji ýylda kabul edilen Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Aşgabat jarnamasyny durmuşa...

2014