Habarlaryň arhiwi ()

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmeli

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek zerur. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda belledi. Döwlet Baştutany hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmak...

Katar Türkmenistandaky iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Geçen şenbe güni Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki saparlarynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny...

Maryda «Türkmengaz» döwlet konserniniň nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasy dabaraly ýagdaýda açyldy

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Binanyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyplar gatnaşdylar. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň  1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528...

«Türkmengaz» DK-nyň ulag müdirligi: döwrebap tehnikalar iş depginini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ulag müdirliginde hereket edýän ýöriteleşdirilen tehnikalaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Kuwwatly we ýokary öndürijilikli awtomobiller, traktorlar we beýleki döwrebap awtotehnikalar «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw desgalaryna, şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň beýleki kärhanalaryna we desgalaryna ýükleri daşamagyň tizleşmegine ýardam edýär. Geçen ýylda bu müdirlik boýunça ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 47 mln 400 müň manat, daşalan...

«Türkmennebit» DK-nyň düzümlerinde innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy — nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň girewi

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň ykdysady ösüşine düýpli goşandyny goşýar. «Gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmak, nebitgaz guýularyny senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen ýerastyny, guýularyň geçelgelerini, nebitiň çykarylyşyny derňemegiň köp sanly tehnologiýalary we usullary ornaşdyryldy. Netijede 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda konsern boýunça goşmaça çykarylan nebitiň möçberi 2310 tonna barabar boldy. «Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri bu üstünlige önümçilikde täze...

Türkmenistanyň Prezidenti ýylyň ahyryna çenli ähli edara-kärhanalara web-saýtlary döretmegi we elektron resminama dolanyşygyny girizmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumy üçin ýokary hünär taýýarlyk hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň gurluşyk işleriniň tamamlanandygy barada...

Dubaýdaky roud-şüweleňinde Türkmenistanyň daşary hyzmatdaşlarynyň taýýar önümi paýlaşmak şertnamasy taslamasy boýunça işleriniň netijeleri aýdyldy

Dubaýda (BAE) tamamlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» halkara maslahatynda Türkmenistanda taýýar önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda nebit we gaz çykarýan birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň işiniň netijeleri habar berildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» DK-nyň we bilelikdäki guramaçy hökmünde Gaffney, Cline & Associates britan kompaniýasynyň gurnamagynda Dubaýda geçirilen «OGT-2020» roud-şüweleňine dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 113 iri kompaniýadan 300...

Yug-Neftegaz Private Limited Türkmenistanyň ýangyç-energetika maýalaryny artdyrýar

Yug-Neftegaz Private Limited singapur kompaniýasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama esasynda 2020-nji ýylda Türkmenistandaky taslama $70 million maýa goýar. Bu barada 24-25-nji fewralda Dubaýda (BAE) geçirilen  «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» halkara maslahatynda bellenilip geçildi. Foruma dünýäniň 40 döwletinden 113 sany iri kompaniýalaryndan 300 sany wekil gatnaşdy. Çäräniň maksady – Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary...

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurtly maýalary çekmek boýunça işler dowam edýär

Şu gün Dubaý şäherinde (BAE) Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurtly maýalary çekmek boýunça halkara forumy öz işini dowam edýär Öň habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan pudaklaýyn foruma 40-a golaý ýurtdan iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşýar. Ýöriteleşdirilen forumyň birinji güni dünýäniň nebitgaz işewürleriniň uglewodorod serişdeleriniň düýpli goruna eýelik edýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ägirt uly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, binýatlyk ýagy, awtomobil benzinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Özbegistandan we Owganystandan gelen täjirleriň, plastik...

Dubaýda nebit we gaz boýunça halkara maslahat geçirilýär

Şu gün, 24-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň iri maliýe we işewürlik merkezi bolan Dubaý şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp «TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir» atly halkara maslahat we «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly ilkinji mejlis boldy. Hyatt Regency Dubai Creek Heights myhmanhanasynda geçirilýän roud-şüweleňi guraýjylaryň maglumatlaryna görä, bu çärä 40-a golaý...

OPEK gaznasy Türkmenistanda hususy telekeçilik taslamalary üçin $10 mln maýa goýar

OPEK Halkara ösüş gaznasy Türkmenistandaky hususy telekeçilik taslamalaryny maliýalaşdyrmak üçin ABŞ-nyň 10 million dollar möçberindäki maýa goýumlary goýar. Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet daşary ykdysady iş bankyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berýän...

2014