Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda Top-10-da

Türkmenistan 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça dünýäde benziniň iň arzan ýurtlarynyň hatarynda ilkinji onluga girdi. Bu barada «GlobalPetrolPrices» saýty habar berýär. Türkmenistan A-95 benziniň $0.43 bahasy bilen dünýäde sekizinji ýerde durýan Türkmenistanyň yzyndan $0.46 bilen Gazagystan, $0.47 bilen Azerbaýjan gelýär. Bu üç ýurt GDA ýurtlary boýunça ilkinji üçlügi düzýär. — Dünýäde benziniň bir litriniň ortaça bahasy 1.12...

«Ýolaşan» ýol bitumyny ýük awtoulagynda daşamagy ýola goýdy

«Ýolaşan» hususy kärhanasy ýük awtoulaglarynda ýol bitumyny daşary ýurtlara daşamakda Türkmenistanda ilkinji hususy kärhanasy boldy diýlip, «Biznes Türkmenistan» saýty kompaniýanyň resmi press-relizine salgylanyp habar berýär. Habara laýyklykda, kärhana Balkan welaýatynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) tarapyndan öndürilýän ýol bitumyny daşamak işlerini amala aşyrýar. Kärhananyň ýolbaşçylary ýol gurluşyk taslamalarynda giňden ulanylýan ýol bitumyny daşamagyň ýola...

Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisine 10 ýyl

2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyşa girizilenine 10 ýyl doldy. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň çäginden geçýän üç sany parallel ugry (A, B we Ç) öz içine alýar. Her ugruň uzynlygy 1830 km, olaryň jemi geçirijilik ukyby ýylda 55...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň esasy wakalaryny we ýörelgelerini beýan edýän «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň dördünji, 2019-njy ýyldaky iň soky sany çapdan çykdy. Döwürleýin neşir «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýylýazgysy» rubrikasy bilen açylýar. Makalada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 21-23-nji oktýabryndaky Ýaponiýa saparynyň netijeleri, 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Bakuda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy agzalaryň döwlet...

Lebap welaýatynda täze AÝGB ulanyşa girizildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde awtomobillere ýangyç guýujy täze beket işe girizildi. Aşgabat – Farap ýolunyň golaýynda gurlan bu AÝGB köpugurly, ýokary tehnologiýaly hyzmat toplumy bolup, ony döretmäge iň häzirki zaman tehnologiýalary ulanylypdyr. Häzirki zaman ýangyç paýlaýjy kolonkalar bilen enjamlaşdyrylan bu beket bir günde 750 awtomobile hyzmat etmäge ukyplydyr. Halkara ýolunda ýerleşen täze AÝGB diňe bir...

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Täze ýylyň öňüsyrasynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutlap, berk jan saglyk, ähli oňyn başlangyçlarda hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň bähbidine bilelikdäki işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň...

Putin Russiýanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem berkidilmegine ynam bildirdi

Täze ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan wajyp gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki işleri netijeli dowam etjekdigimize ynanýaryn, diýlip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Täze ýyl mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda aýdylýar. «Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin» diýlip, Gutlagda bellenilýär. Şeýle...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze...

2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Resminamada bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri hökmünde türkmen halkynyň taryhyna müdimilik girdi. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip...

Türkmenistanyň Prezidenti: 2019-njy ýyl oňat ýyl boldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, onuň Watanymyz üçin oňat ýyl bolandygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň jemleri barada durup geçip, Halkara Pul Gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde dünýäde ykdysady çökgünligiň başlanan wagtyndan bäri ösüş depgini...

31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi

Täze ýyl baýramy mynasybetli 31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi. Dynç gününi geçirmek hakynda degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç güni 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirilýär. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellenildi. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine...

Çelýabinsk turba öndüriji zawody TOPH üçin turbalary Türkmenistana doly iberdi

Çelýabinsk turba öndüriji zawody (ÇTPZ) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary Türkmenistana doly mukdarda iberdi. Bu barada Interfaks ÇTPZ-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Kompaniýa 150 müň tonnadan ybarat turbalary getirdi. Turbalaryň diametri 1,422 mm bolup, antikorroziýa örtügi bilen örtülen we X70 berklikli metaldan ýasalan. Russiýanyň ÇTPZ kompaniýasy gurluşygy...

Geofizikler Türkmenistanyň känlerinde gözleg we özleşdiriş işlerini döwrebap usulda alyp barýarlar

Geofiziki barlaglar häzirki döwürde nebit we gaz känlerini gözlemekde we özleşdirmekde aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda bu ugurda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» edarasynyň hünärmenleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän nebit we gaz känlerinde geofiziki gözleg işleri döwrebap usulda alnyp barylýar. Geologlar Gumdag, Indarlan, Kelkar, Jebel, Goturdepe we Uzynada nebit känlerinde seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek bilen uly tejribe...

Goturdepe käniniň önümçilik görkezijileri artýar

«Türkmennebit» DK-nyň düzümine girýän «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepe» ulag-tehnologik müdirligi Goturdepe meýdançasyny özleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Müdirligiň hünärmenleri ýöriteleşdirilen ulagyň tehniki üpjünçiligini, ýükleýiş-düşüriş işlerini, buraw desgalaryna barýan ýollaryň gurluşygyny amala aşyrýarlar. Müdirligiň ygtyýarynda — ygtybarly daşary ýurt tehnikalary, şol sanda awtokolonnalar, şeýle hem awtoabatlaýyş ussahanasy bar. «XJ-250» we «UPT-1-50» ýuk göteriji desgalaryň ulanylmagy işleri...

Ýaşyldepe meýdançasynda nebit çykarmak boýunça ýyllyk meýilnama ýerine ýetirildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýaşyldepe» nebit we gazy çykarmak boýunça müdirliginiň esasy önümçilik görkezijileri ýokarlanýar. Çig nebitiň önümçiligi 193 müň tonna deň boldy, ýyllyk meýilnama 11 aýda üstünlikli ýerine ýetirildi. 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 1008 göterime deň boldy. Häzirki wagtda müdirlikde dürli ugurlarda 420 töweregi hünärmen zähmet çekýär. Nebitçiler ýurdumyzyň gündogar...

2014