Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

27-nji maýda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezidentler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy...

«Total» kompaniýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew,  «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti S.Mişel...

«Türkmengaz» DK we «Mitsubishi» kompaniýasy nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Geçen anna güni «Türkmengaz» döwlet konserninde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu pudaklarda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Sebitde iri «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi we onuň öndürýän azot dökünleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr. Nebitgaz senagatynda...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan we...

«Türkmengaz» Gyýanlydaky polimer zawodyň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserni Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy meýilleşdirýär. Maý aýynda konsern bu zawodda izobutan önümçilik blogyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. «Türkmengaz» şu ýylyň mart aýynda bu kärhanada tebigy gazyň peýdalanylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerine ilkinji gezek halkara bäsleşigini yglan etdi. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizlen bu toplumyň önümçilik kuwwatlygy ýylda 5 milliard kub...

Hytaýyň ýaramaz yşaratlarynyň netijesinde nebitiň bahalary aşaklaýar, «Brent» 34,4 dollara çenli aşak düşdi

Alty hepdeden bäri iň ýokary görkezijisine ýeten nebitiň bahalary anna güni ýene-de aşaklaýar, diýip Interfaks habar berýär. Hytaýyň koronawirus epidemiýasy zerarly jemi içerki önüminiň ösüş depgini üçin 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek maksatlaýyn görkeziji bellemejekdigi baradaky habary bazara ýaramaz täsir etdi. Mundan başga-da, HHR-niň Gonkongyň milli howpsuzlygy barada kanunçylyk namasyna gaýtadan seretmek isleýändigi baradaky beýanatyndan soň...

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary: ugur önümleri eksport etmek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar. 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem döwlet Baştutany ýene-de bir gezek bu babatda durup geçdi we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu wezipäni çözmekde nebitgaz senagatyna möhüm orun degişlidir. Netijede, Türkmenistanyň...

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlar artýar

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maliýe serişdeleri bölünip berilýär, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna goýulýan maýalaryň möçberi artdyrylýar. 2020-nji ýylyň dört aýynda ýangyç-energetika toplumy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 3,735 milliard manatdan gowrak boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,3 milliard dollar köpdür. Jemläp...

Hytaý energiýa sarp edilişiň öňki tertibine tiz dolanmaga umyt edýär, OPEC bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär

Hytaý COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyndan öňki ýagdaýdaky energiýa sarp edilişiniň tertibine gysga wagtda dolanmaga umyt bildirýär, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin OPEC bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär. Bu barada OPEC-iň baş sekretary Mohammed Barkindo Hytaýyň Milli energetika edarasynyň ýolbaşçysy (National Energy Administration) Žan Žanhua bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça habar berildi, diýip Interfaks belleýär. Žan Žanhuanyň belleýşi...

«Türkmennebitönümleri» BM-niň «Gubadagnebit» kärhanasy: durnukly we ygtybarly iş

2020-nji ýylyň dört aýynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Gubadagnebit» kärhanasynyň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini nebit önümleri bilen durnukly we ygtybarly ýagdaýda üpjün edýärler. Kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda — bökdençsiz önümçilik işjeňligini, işgärleriň howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, ilaty awtomobil ýangyjy bilen durnukly üpjün etmek, AÝGB-da we ammar desgalarynda ýangyn howpsuzlyk inwentarynyň toplumynyň dolulygyny...

Türkmenistanyň Prezidenti walýuta serişdelerini döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmegi tabşyrdy

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, Türkmenistanda wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan serediler. Degişli görkezmäni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysdyýet boýunça wise-premýer G.Müşşikowa geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde berdi. Häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler nah ýüplügi, şeýle hem Russiýadan gelen işewür toparyň wekilleri boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 480 müň dollaryna golaý boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen täjirler jemi bahasy 2...

«Türkmengaz» DK «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC» bilen hyzmatdaşlykda Döwletabat käninde gazyň çykarylyşyny artdyrar

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisiniň dowamynda degişli karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine “Döwletabat” gaz känindäki ulanyşdaky 30 sany gaz guýusynda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Mary welaýatynda ýerleşen Döwletabat iri gaz...

Nebitiň bahalary bassyr üçünji hepdesini ösüş bilen jemleýär

Anna güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi. Nebitiň çykarylyşynyň çäklendirilmegi bilen birlikde karantin çäklendirmeleriniň kem-kemden aýrylmagynyň bazarda isleg bilen teklibiň deňagramlylygyny gazanmaga ýardam etjekdigine umyt bildirmeklige baglylykda, bahalar eýýäm bassyr üçünji hepdesini ösüşde jemleýär. Interfaksyň habar berşi ýaly, «Brent» nebitiniň iýul aýyndaky fýuçersleriniň bahasy deslapky sessiýa bilen deňeşdirilende, 1,83 göterim ýokarlanyp, 31,7 dollara deň boldy. penşenbe...

Bütindünýä nebit kongresiniň geçirilmegi bir ýyl soňa — 2021-nji ýyla süýşürildi

2020-nji ýylyň 6-10-njy dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilen 23-nji Bütindünýä nebit kongresi laýyk bir ýyl soňa süýşürildi, diýip Interfaks habar berýär. Guramaçylaryň habarynda belleýşi ýaly, COVID-19-yň täsiriniň giňden ýaýramagy, şol sanda saglyk we howpsuzlyk meseleleri, syýahatçylyk üçin çäklendirmeler we dünýäniň nebit senagatyna täsir tutuş dünýä üçin adatdan daşary çagyryş bolup durýar we nebitgaz toplumyna ägirt uly zyýan ýetirdi....

2014