Habarlaryň arhiwi (2020-4-22)

«Zähmet» bekedi gazçylary arassa agyz suwy bilen üpjün edýär

Ilaty we kärhanalary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň biri. Bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi, iň täze suw arassalaýjy desgalar guruldy. Şolaryň hatarynda suw üpjünçiligi boýunça müdirligiň «Zähmet» bekedi bar. «Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik bölümleri birnäçe ýyldan bäri üstünlikli ulanyşda bolan suw bekedi bilen hyzmatdaşlygy işjeň berkidýärler we giňeldýärler....

OPEC+ ýurtlarynyň ministrleri nebit bazaryndaky ýagdaýlary maslahatlaşdy

OPEC+ ýurtlarynyň, şol sanda Gazagystanyň, Nigeriýanyň, Wenesuelanyň ministrleri resmi däl telekonferensiýanyň barşynda nebit bazaryndaky ýagdaýlary maslahatlaşdy, diýip TASS habar berýär. Duşuşyga gatnaşyjylar 12-nji aprelde gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmäge taýýardyklaryny  tassykladylar we ýagdaýy maslahatlaşmak hem-de gözegçilikde saklamak üçin şeýle konferensiýalary yzygiderli geçirmäge çagyrdylar. Duşuşygyň öň ýanynda Halkara energetika agentliginiň ýolbaşçysy Fatih Birol bazardaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin...

2014