Mary welaýatynyň çäginde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly kärhanasynyň täze desgasy ulanyşa girizildi. Desga Mary welaýatynyň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Iki gatly bina 7 gektardan gowrak meýdanda ýerleşdi. Kärhananyň iri önümçilik desgalarynyň biri bolan awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy Aşgabat-Türkmenabat demir ýolunyň ugrunda ýerleşdi. Estakadanyň taslama kuwwatlylygy bir wagtda nebit önümli 9 wagona hyzmat etmäge...