Habarlaryň arhiwi (2020-1-13)

Daşoguz welaýatynda ýerasty agyz suwlarynyň gözlegi boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi

Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, şol sanda ýurdumyzyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Suw üpjünçiliginiň infrastrukturalarynyň kämilleşdirilmegi suw serişdeleriniň, şol sanda bar bolan ýerasty agyz suw gorlarynyň tygşytly we rejeli peýdalanylmagy esasynda amala aşyrylýar. Şu maksat bilen täze gorlary gözlemek bilen bir hatarda ýerasty çeşmeleriň ulanyş...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini we tehniki kükürdi («Türkmengaz» DK), Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna buýan köküniň gury ergini, pagta-süýümi...

2014