Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça iri halkara elektroenergetika taslamalaryny durmuşy geçirmegi tizleşdirmäge gönükdirilen çäreler kesgitlenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu ugruň aýratyn müdirlige bölünmegi TOP elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň...