Ýewropa ugry Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonson bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda belledi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň milli...