Habarlaryň arhiwi (2020-2-19)

Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Türkmenistanyň we RF-iň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary soňky ýyllarda ähli ulgamlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de döredilen ygtybarly şertnamalaýyn –hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýanyň uzakmöhletleýin esasda giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň möhümligini belledi

Nebitgaz senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugrudyr. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sişenbe güni geçirilen iş maslahatynda belledi. Şol sanda Ministrler Kabinetiniň orunbasary M.Meredow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça...

2014