Habarlaryň arhiwi (2020-2-3)

«Türkmengaz» TOPH-nyň türkmen bölegi üçin «Serba Dinamik» kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin Malaýziýanyň «Serba Dinamik Sdn. Bhd» kompaniýasyndan dürli serişdeleri we enjamlary satyn alar. «Türkmengaza» şertnama baglanyşmaga ygtyýar berýän degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň...

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanda we Hindistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýetiniň Owganystana we Hindistana saparynyň barşynda iri möçberli we uzakmöhletleýin infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Hususan-da, 1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Pakistandan...

2014