Habarlaryň arhiwi (2020-4-8)

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň işleriniň jemi jemlendi

8-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasay M.Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat maslahaty geçirildi. Onda pudagyň kärhanalarynyň 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri maslahatlaşyldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer Myratgeldi Meredow wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemleri barada habar berdi. Şol mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň jemlerine garaldy,...

Malaý käninde dožim kompressor bekedinde sazlaýyş işleri geçirilýär

Lebp welaýatynyň Malaý gaz käninde gurluşygy alnyp barylýan dožim kompressor bekedinde sazlaýyş işleri alnyp barylýar. DKB-niň taslama kuwwaty ýylda 30 mlrd kub metr gaza barabardyr. Desganyň infrastrukturasyna dožim kompressor bekediniň «A» we «B» bloklary girýär. Bu ýerde barlag-tehniki nokatlaryň bloklary we ýapyk paýlaýjy enjamyň bloklary we beýlekiler ýerleşdirilendir. 2018-nji ýylda türkmen gazynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen, «Türkmengaz»...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanyna ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, žurnalistleriň makalalary ýerleşdirildi. Žurnalda wagt yzygiderliliginde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bolup geçen has möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalara gysgaça syn berilýär. Makalalaryň birnäçesi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ileri tutulýan wezipelerinde we gazananlarynda okyjylaryň ünsüni jemleýär, ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem beýleki...

2014