Habarlaryň arhiwi ()

HNGU-nyň talyplary Türkmenistanyň YA-nyň Himiýa institutynyň ylmy mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

Ýakynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň birinji ýyl talyplary professorlaryň we beýleki mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň barlaghanasyna baryp gördüler. Bu ýerde talyplar ulanylýan tehnologiýalaryň, sygymlary arassalamagyň we guratmagyň usullary, reaktiwler we olaryň saklanyş usuly, şeýle hem nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmegiň, mineral serişdeleriň himiki düzümini we fiziki-himiki aýratynlyklaryny öwrenmegiň dürli görnüşleri...

«Türkmengaz» DK-nyň Okuw merkezinde hünär kämilleşdiriş boýunça şahadatnamalar gowşuryldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Okuw merkezinde nebitgaz pudagynda, geologiýada, gazhimiýa we nebithimiýa senagatynda zähmet çekýän hünärmenlere hünär derejesini kämilleşdiriş hakynda şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. 2019-2020-nji okuw ýylynda 1066 sany diňleýji bilimini artdyrdy, şolardan 435 sany hünärmen «Türkmengaz» DK-dan, 165 sany hünärmen «Türkmennebit» DK-dan we 433 hünärmen «Türkmengeologiýa» DK-dan. Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär....

«Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirliginiň awtoparky Russiýanyň ýöriteleşdirilen tehnikalary bilen dolduryldy

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde pudagyň kärhanalary we guramalary üçin häzirki zaman tehnologiki serişdeler, mehanizmler we ýöriteleşdirilen awtoulaglar satyn alynýar. «Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirliginiň awtoparky döwrebap sementleýji ýörite tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry bilen dolduryldy. Täze tehnikalar köpýyllyk iş tejribesi bolan tejribeli sürüjilere berkidildi. Munuň özi täze ulaglaryň uzak hem...

TNGIZT ýylyň başyndan bäri suwuklandyrylan gazyň eksportyny iki esse artdyrdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2020-nji ýylyň doly däl alty aýynda eksporta ugratmak üçin 45 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz taýýarlady. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 201 göterim artykdyr. TNGIZT ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndüriji iri toplum bolup durýar. Bir ýylda bu kärhana bu önümiň üç ýüz müň tonnadan gowragyny ýa-da ýurdumyzda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň jemi möçberiniň...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň deňiz ýollary arkaly iberilmeginiň netijeli logistikasyny üpjün etmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän anyk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 62-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polipropilen we polietilen («Türkmengaz» DK) Russiýanyň, BAE-niň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň täjirleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt...

TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri babatda pikir alşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlaryny, hususan-da, gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň arasyndaky söwda we...

Türkmenistanyň AÖB we ÝAÖB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň we Aziýanyň Ösüş Bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag we beýleki ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Hususan-da, 23-nji iýunda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş Bankynyň...

TNGIZT-de ýol bitumynyň häsiýetlerini gowulandyrmak boýunça Himiýa institutynyň täze oýlap tapyşy tanyşdyryldy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) düzüminde köp parafin saklaýan nebitden alynýan ýol bitumynyň häsiýetlerini gowulandyrmagyň usulynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Täze serişde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işläp taýýarlanyldy we TNGIZT-iň geljekki ösüş maksatnamasyna girizildi. Türkmen alymlarynyň bu oýlap tapyşy ulag akymlarynyň artýandygy sebäpli gara ýollaryň asfalt-beton örtükleriniň ulanylyş häsiýetlerine bolan talaplaryň ýokarlanýandygy bilen berk...

«Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirligi guýularyň öndürijiliginiň ösüşini üpjün edýär

«Türkmengaz» DK-nyň tamponaž müdirliginiň häzirki zaman tehnikalaryna we döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalaryna ýurdumyzyň dürli gaz känlerinde duş gelmek bolýar. Şular ýaly tehnologik enjamlaryň hatarynda — «JEREH» (HHR) toplumlaýyn önümçilik kuwwatlyklary bar. Tutuş dünýäde giň ulaanyşa eýe bolan we ykrar edilen, birnäçe ýyl mundan öň satyn alnan enjamlar guýulary sementleşdirmek ulgamynda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde abatlaýyş işlerini geçirmekde hyzmatlaryň...

Talyplaryň önümçilik tejribeligi

Daşoguz welaýat häkimliginiň hünär mekdebiniň talyplary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň işgärleriniň üstüni ýetirmäge taýýarlyk görýärler. Nazary bilimler bilen birlikde uçurymlar nebit we gaz çykarmak boýunça operator, nebiti we gazy toplaýjy, elektrik, buhgalter ýaly hünärler boýunça amaly endikleri ele alarlar. Talyplaryň tejribelik geçmegi hünär bilim maksatnamasynyň hökmany bölegi bolup durýar. Bu öz gezeginde geçilen nazary materiallary berkitmäge,...

«Türkmennebit» DK-nyň geofizikleri geofiziki barlaglaryň gerimini giňeldýärler

«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hereket edýän tehnikalarynyň we awtoulaglarynyň ähli görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, material-tehniki binýadyň berkidilmegi geofiziki barlaglary geçirmegiň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda türkmen geofizikleri hil babatda täze tehnologik derejä çykýarlar, bu bolsa önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Netijede 2020-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeleriň möçberi 27 mln 548,1 müň manada deň...

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary ösüşiň ýokary depginini saklaýarlar

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly şertlerde ýurdumyzyň nebitgaz toplumy önümçiligiň ýokary depginini saklap galýar. Bu ösüş täze känlerini, şol sanda Hazaryň türkmen kenarynda, Amyderýanyň boýunda, şeýle hem «Galkynyş» käninde senagat taýdan işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary mynasybetli saklanýar. Netijede nebitiň we gazyň önümçilik möçberleri artýar. Mysal üçin, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda 4 million...

Prezident: ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesi — maýa goýumlary, öňdebaryjy dünýä tejribesini we döwrebap tehnologiýalary çekmek

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bölümleriniň düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagyndaky ýataklardan nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly halkara täjirçilik...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň...

2014