Türkmenistanyň çäklerinde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen duşuşygynda maslahatlaşyldy. Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda russiýaly işewür Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň energetika...