Habarlaryň arhiwi (2020-6-18)

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň onlugynda — HEA

Türkmenistan dünýä boýunça benziniň bahasynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girýär, diýip Halkara energetika agentligi habar berýär (HEA). Agentligiň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda benziniň dünýä boýunça bahalary 2 göterim aşaklady we 1 litri üçin ortaça 0,91 dollara deň boldy. Geçen ýylyň netijeleri boýunça iň pes görkezijiler Eýranda hasaba alyndy – 1 litri üçin 0,24 dollar, iň...

Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylary bilen ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji iýunda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň iri möçberli nebitgaz taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz”...

HNGU-da 2020-nji ýylyň uçurymlaryny gutladylar

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda uçurymlary okuwyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutladylar. Bu gün professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem talyplaryň ýakynlary we hossarlary HNGU-nyň myhmansöýer binasyna ýygnandylar. Dabaraly ýagdaýda ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary uçurymlary gutladylar we olara hünär ýolunda üstünlik arzuw etdiler. Mugallymlaryň tagallalary, baý tejribesi netijesinde uçurymlar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl,...

2014