Habarlaryň arhiwi ()

Gurbanguly Berdimuhamedow: Dünýäde ulag ulgamynda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi ýokarlanýar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, dünýä jemgyýetçiligi şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny äşgär edýär, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işini goldaýar diýip nygtady. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ylalaşykly alnyp barylýan ählumumy halkara işlerinde täze ugur –...

Türkmenistanyň we dünýäniň ulag ulgamyndaky taslamalary bütin adamzadyň kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär – Pan Gi Mun

Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Türkmenistanda we bütin dünýäde bu günki gün ulagyň dürli pudaklarynda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu mümkinçilikleriň ykdysady bähbit almak üçin hem-de adam kuwwatynyň ösmegi üçin peýdalanylýandygy bellenildi. Pan Gi Mun energiýa netijeliligine ýardam edýän paýhasly maýa goýumlaryna, täzeçil...

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady

Şu gün Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär. Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasyna we umumy mejlisiniň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi...

BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynda global ulag üçin täze ugurlar kesgitleniler – BMG-niň Habarlar merkezi

2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynda oňa gatnaşyjy döwletler global ulag ulgamy üçin täze ugurlary kesgitlärler. Bu barada BMG-niň Moskwadaky Habarlar merkeziniň press-relizinde habar berilýär. Press-relizde bellenilişi ýaly, aşa garyplygy aradan aýyrmakda we durnukly ösüşi gazanmakda durnukly ulag ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Howpsuz, elýeterli, amatly we ekologik...

Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşarlar

26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata taýýarlyk görmegiň barşy hakynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara häsiýetli çäreleriň, şol sanda iri maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli...

Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy dowam edýär

Ahal welaýatynda Aşgabat şäherinden 32 kilometrlikde Owadandepede ýerleşen täze senagat ägirdiniň — tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodyň gurluşygy işjeň depginler bilen alnyp barylýar. Buýrujy bilen baş potratçynyň hereketlerini utgaşdyrmak, şeýle hem gurluşygyň gidişine gözegçilik etmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde Gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça Müdirlik döredildi. Müdirlikde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda taslama işleri tamamlaýjy...

Prezident «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuna gol çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Mälim bolşy ýaly, 23-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň...

German ykdysadyýetiniň güni ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder

1-nji dekabrda Aşgabatda German ykdysadyýetiniň güni geçiriler. Bu işewür foruma käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet edara-guramalarynyň 67-den gowrak iri kompaniýalarynyň 100-den gowrak wekilleri gatnaşar. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy hem-de german ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen täze mehanizmleri işläp düzmäge,...

Marynyň nebit we gaz mekdebinde ÝET üçin hünärmenleriň okuw sapaklary geçirilýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Marydaky nebit we gaz orta hünär okuw mekdebinde ýurduň gaz senagaty kärhanalarynyň we edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirilýär. Bu ýerde «Türkmengazüpjünçilik», «Türkmengazakdyryş» birleşikleri, «Marygazçykaryş» we «Döwletabatgazçykaryş» müdirlikleri ýaly gaz kärhanalarynda zähmet çekýän . maşinistleriň, operatorlaryň we beýleki hünärmenleriň 50-ä golaýy bilim alýar. Okuw mekdebinde gaz hünärleri boýunça ýokary...

ABŞ-daky buraw desgalarynyň sany baradaky statistikanyň çykmagy netijesinde nebit arzanlaýar

Baker Hughes amerikan nebitgaz hyzmat kompaniýasynyň ABŞ-daky nebit buraw desgalarynyň sanynyň artmagy baradaky maglumatlarynyň çykmagy netijesinde çarşenbede nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklap başlady, muňa söwda geleşikleriniň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär. Brent kysymly demirgazyk deňiz nebit garyndysynyň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 0.12 göterim aşaklap – barrel üçin 49,06 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň...

Rumyniýada «tegelek stoluň» başynda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri hödürlenildi

Konstansiýanyň (Rumyniýa) deňiz portynyň edarasynda geçirilen «tegelek stolda» Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag ulgamyndaky halkara başlangyçlary, şeýle hem Türkmenistanyň tranzit-transport mümkinçilikleri, ýurdumyzyň çäklerinde multimodal ulag infrastrukturasy hödürlendi. «Tegelek stoly» gurnaýjylar bolup Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy we Konstansiýanyň port edarasy çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bellenilişi ýaly, maslahata Konstansiýa deňiz portunyň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň daşary işler we...

Owgan ýaşlary Türkmenistanda bilim alýarlar

Owganystan Yslam Respublikasynyň türkmen dilini öwrenmek boýunça okuw derslerini üstünlikli geçen 26 sany talyby Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hünärlerini özleşdirmek boýunça okuwlary geçip başladylar. Bu okuw ýylynda owgan talyplaryna bilim bermeklik dört sany ýokary okuw mekdebiniň binýadynda ýola goýuldy. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň döwlet energetika instituty we Halkara...

Abuna – 2017

Hormatly okyjylar! “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasy 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin gazete abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýär. “Nebit-gaz” gazetiniň siziň söýgüli neşiriňiz boljakdygyna ynanýarys. Oňa abuna ýazylmaga howlugyň! Bu gazet durmuşda siziň ýakyn maslahatçyňyz bolar. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 26 manat. Abuna ýazylyşyk indeksi: 69500 “Nebit-gaz” gazetine ýurdumyzyň islendik poçta-aragatnaşyk bölüminde abuna ýazylyp bolar....

Azerbaýjanyň HBS-i Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösüşi bilen tanyşdyryldy

26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň öňüsyrasynda Bakuda HBS üçin brifing geçirildi. onuň dowamynda žurnalistler Türkmenistanyň ulag taslamalary bilen tanyşdylar, diýip Trend habarlar agentligi habar berýär. Çärede çykyş eden Türkmenistanyň Bakudaky Ilçihanasynyň 1-nj sekretary (konsul) Batyr Rejepow Maslahatyň BMG-niň 2015-nji ýylyň dekabrynda kabul eden Rezolýusiýasyna laýyklykda geçiriljekdigini ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä,...

Nebitiň bahasy onuň çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyga garaşylmagy netijesinde 4,12 göterim gymmatlady

Nebitiň dünýä boýunça bahalary OPEC-e girýän we girmeýän nebit çykaryjy döwletleriň «gara altynyň» çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyga gol çekmäge ýakyn gelmekleri mynasybetli duşenbe güni agşam 4 göterimden gowrak ýokarlanyp, tiz depginler bilen galyp başlady, diýip söwda-geleşikleriniň maglumatlary tassyklaýar. 21:16 wagtda Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 4,12 göterim ýokarlanyp, barrel üçin 48,79 dollara çetdi....

2014