Habarlaryň arhiwi ()

Bakuda Owganystandan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa geçýän Lapis lazuli ulag geçelgesi maslahatlaşylar

15-16-njy noýabrda Bakuda Lapis lazuli ulag geçelgesi boýunça dördünji tehniki duşuşyk geçiriler, diýip Owganystanyň Bakudaky ilçihanasyna salgylanyp Trend habarlar agentligi habar berýär. Bellenilişi ýaly, duşuşyk Owganystanyň, Türkmenistanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň bilermenleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Lapis lazuli taslamasy Owganystandan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa geçýän ulag geçelgesini döretmekligi göz öňünde tutýar. Ondan soňra ulag...

2017-nji ýylda nebitiň bahalary barrel üçin 55 dollar derejesine geler – Wood Mackenzie

Nebit bazary OPEK-iň hereketlerine garamazdan 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda öňki durkuna geler, diýip Wood Mackenzie britan konsalting agentliginde ТАСС habar berýär. «OPEK nebit çykarylyşyny çäklendirmäýende-de, biz bütin dünýä boýunça islegiň teklipden öňe geçmegi netijesinde 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebit bazarynyň durnukly hala gelmegine garaşýarys» diýip nebitiň makroanaliziniň departamentiniň ýolbaşçysy Anna Luiza Hitl ТАСС agentligine habar berdi. Galyberse-de,...

«Günbatargazakdyryş» müdirligi sarp edijilere gaz ibermekligi artdyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkandaky «Günbatargazakdyryş» müdirligi şu ýylyň geçen döwründe sarp edijileri 2 milliard 392 million kub metr tebigy gaz bilen üpjün etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 143 müň kub metr artykdyr. Bu müdirlik magistral gaz turbalarynyň, gazy ugradýan we gysýan desgalaryň we olara oturdylan güýç desgalarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, şeýle...

OPEK uzakmöhletleýin strategiýasyny işläp düzdi

OPEK-iň agza döwletler çarşenbe güni Wenada geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça guramanyň uzakmöhletleýin strategiýasyny işläp düzdüler, diýip РИА Новости OPEK-iň habaryna salgylanyp habar berýär. «OPEK-iň dolandyryjylar geňeşi 2016-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Wenada geçirilen duşuşykda guramanyň täze toplumlaýyn uzakmöhletli strategiýasyny işläp düzdi. Resminama OPEK-iň 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda ministrler derejesinde geçiriljek nobatdaky maslahatynda tassyklamaga berler» diýlip press-relizde aýdylýar. «Uzakmöhletleýin...

Çelekbaý meýdançasyndaky 1-nji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» müdirliginiň geologlary «Galkynyş» ägirt uly gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Çelekbaý meýdançasyndaky 1-nji gözleg guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Netijede bu ýerde 4548-4556 metr çuňlukdan ýokary basyşly tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, bu guýy günde 1 million kub metr tebigy gaz berer. — Bu zähmet üstünligi gönüden-göni 1-nji gözleg guýusynda...

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň duşuşygy dünýä HBS-lerinde giňden şöhlelendirildi

1-nji noýabrda Soçide geçirilen Türkmenistanyň Lideri bilen Russiýa Federasiýasynyň gepleşikleri dünýäniň öňdebaryjy HBS-leriniň habarlarynda, köpsanly döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden şöhlelendirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň we RF-iň Prezidentleriniň duşuşyklary Россия 24, Россия, 1-й Канал, НТВ, ТВЦ we beýlekilerde görkezildi. ТАСС, ИНТЕРФАКС, РИА-Новости, Trend we beýleki köpsanly HBS-leriň täzeliklerinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşygynda aýdan: «Russiýa Federasiýasy Türkmenistan...

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň geçiren gepleşiklerinde ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde bellenildi

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda 1-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň «Boçarow Ruçeý» kabulhanasynda bolup geçen duşuşykda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistan hem Russiýa üçin strategik ähmiýetli bolup durýan ýangyç-energetika toplumy bellenildi. Bu iki ýurt dünýäde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly goruna eýe uly energetik döwletlerdir. Mälim...

Nebitgaz toplumynyň çapyksuwary baýramçylyk çapuwynda üçünji orna mynasyp boldy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çapuwlary geçirildi. Çapuw bäsleşiklerinde ýurduň beýleki ulgamlary ýaly nebitgaz toplumy hem öz baýragyny goýdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak ugrundaky 4 ýaşar we uly ýaşar atlaryň bäsleşjek uzaklygy 2800 metre barabardyr. Ahyrky ýedinji aýlawda üçünji baýrakly orna Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň «Baharly» hojalygyna degişli bolan...

Nebit OPEK ylalaşygy babatda kesgitsizlik sebäpli 3 göterimden gowrak arzanlady

Nebitiň dünýä boýunça bahalary nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça OPEK-iň alžir ylalaşygyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly kesgitsizlik sebäpli duşenbe güni agşam aşak düşmegini tizlendirdi, diýip РИА Новости habar berýär. 20:50 (Moskwa wagty) Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy 3,51 göterim aşaklap barrel üçin 48,90 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 3,26 göterim...

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Moskwada ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşarlar

Sişenbe güni RF-iň Prezidenti Wladimir Putin bilen Russiýa sapar bilen barjak Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçiriler, diýip РИА Новости habar berýär. «Birinji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa iş saparyny amala aşyrar» diýlip habarda aýdylýar. Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Şeýle hem...

«Cifal» Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Türkmen döwletine gelen Žil Remi ýolbaşçylyk edýän «Cifal» fransuz kompaniýasynyň Türkmenistandaky täze maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman dürli ugurlarda. Şol sanda ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Fransuz işewüri ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny...

Faýsal katar kompaniýasy bilen ÝET ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Bu barada ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçirilen dabaralaryň hormatly myhmany hökmünde ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy, «Faýsal» kompaniýasynyň baştutany şeýh Faýsal bin Naser Al-Tani Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda şeýh Kataryň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly...

Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýol magistralynyň gurluşygy tamamlandy

2013-nji ýylyň iýunynda badalga alan Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýol magistralynyň gurluşygy tamamlandy. Ýekşenbede Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleri türkmen-owgan demir ýolunyň ahyrky nokady — Akina bekedinde (OYR) soňky ýol seplemlerini goýdular. Oktýabryň başynda hökümet mejlisinde Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýol magistralynyň açylyş dabarasynyň noýabryň birinji ongünlüginde geçiriljekdigi bellenildi....

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.   Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Lýuksemburgdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit koksuny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen...

27-28-nji oktýabrda Türkmenistanda döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bellenilýär

Türkmenistanda umumymilli baýram — döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bellenilýär. 27-nji oktýabrda irden paýtagtyň baş meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň garşylamagynda goşunlaryň ähli kysymlarynyň baýramçylyk dabaraly harby ýörişi geçirildi. Türkmen esgerleriniň ýokary hünär başarnygyny we ukybyny aýdyň görkez dabaraly harby ýörişde goşunlarda ulanylýan häzirki zaman harby tehnikalar hem görkezildi. Kuwwatly harby...

2014