Habarlaryň arhiwi ()

Geçen hepdäniň biržä täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Panamadan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuumgazoýly we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da,...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalar kabul edildi. Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 4-5-nji oktýabrda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen “Abadançylygyň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşmagy barada habar berildi. Işine BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun,...

HWG 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 5,4 göterime çenli ýokarlandyrdy

Halkara walýuta gaznasy (HWG) oktýabryň başynda çykaran dünýä ykdysadyýeti baradaky täze synynda, (World Economic Outlook Update, WEO) geçen gezekki bahalandyrmalary bilen deňeşdireniňde, 2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini baradaky çaklamasyny ýokarlandyrdy. Şeýlelik bilen, HWG-niň oktýabryndaky hasabatynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini şu we geljek ýylda 5,4 göterim derejesinde çaklanylýar. Bu guramanyň şu ýylyň...

OPEK nebit çykarylyşynyň derejesini ylalaşylandan hem köp çäklendirmegi mümkin

OPEK-iň agza ýurtlary noýabrda geçen duşuşygyň netijeleri boýunça nebitiň çykarylyşyny Alžirde ylalaşylandan hem köp çäklendirmegi mümkin. Bu barada Alžiriň energetika ministri Nureddin Butarfy beýan etdi, diýip RF-yň nebitgaz habarlar agentligi habar berýär. Onuň aýtmagyna görä, noýabryň ahyrynda Wenada nebit bazary bahalandyrylar we eger 700 müň barrel ýeterlik bolmasa, onda nebitiň çykarylyşynyň çäklendirme  derejesi ýokarlandyrylar. OPEK 28-nji sentýabrda...

Nemes bilermeniniň pikiriçe, Türkmenistan çig mal serişdelerini däl-de, nebithimiýa önümlerini eksport etmäge ýöriteleşmeli

Daşary ýurt HBS-leri uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaklyga gönükdirilen Türkmenistanyň energetika syýasatynyň meseleleriniň durmuşa geçirilişini ünsden düşürmeýärler. Ýakynda «Вестник Кавказа» rus neşiri german-türkmen forumynyň ýerine ýetiriji direktory, syýasatçy Haýnrih Şuls bilen bolan interwýusyny neşir etdi. Onda bilermen Merkezi Aziýadan Ýewropa gaz geçirmek boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň gaz syýasatynyň öňünde duran sepgitler hakynda öz garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da,...

Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝB ykdysady ösüşiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysady ösüşiň dürli ugurlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip Özbegistanyň DIM-niň pres-gullugyna salgylanyp Trend täzelikler agentligi habar berýär. Duşuşyk «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» ölçeginde Brýusselde geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. «Merkezi...

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby halkara baýragyna mynasyp boldy

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Bozaganow ýeňil atletika boýunça Aşgabatda geçirilen bäsleşikde netijeli çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldy. Oňa bürünç medal we baýraklar gowşuryldy. Talyp-türgeniň gazanan üstünligi şeýle hem Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Bilimler bagy» meýdançasynda geçirilen medeni-köpçülikleýin dabarasynda hem bellenildi. Mugallymlar toparydyr talyp deň-duşlary hem Ýusup Bozaganowy ýeňşi bilen gutladylar...

Nebit kärhanalarynyň işgärleri üçin okuw sapaklary dowam edýär

Häzirki wagtda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Türkmenabat nebit kärhanasynyň «Zergär» şahamçasynyň okuw merkezinde ýurdumyzyň nebit kärhanalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Merkezde Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelen işgärler üçin howpsuzlyk boýunça hünärmen, ýangyç guýuş bekediniň işgäri, guýujy we paýlaýjy bölümiň operatory, ýangyn söndüriji we ş.m. ugurlar boýunça okuw sapaklary geçilýär. Okuw sapaklary tamamlanandan soňra...

ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň peselýänligi barada API-niň berýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahasy ýokarlanýar

ABŞ-da «gara altynyň» ätiýaçlyklarynyň garaşylmadyk ýagdaýda peselýänligi barada Amerikanyň nebit institutynyň (API) habar bermegi netijesinde çarşenbede nebitiň dünýä boýunça bahasynyň artýandygyna söwda maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär. 07.21-e çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,85 göterim ýokarlandy we bir barrel üçin 51,30 dollara ýetdi, WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy...

«Белгорхимпром» Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy 2017-nji ýylyň martynda ulanyşa girizmegi wada edýär

2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär, diýip Minskda belarus hökümetiniň wise-premýeri Anatoliý Kalinin žurnalistlere habar berdi, diýip belarus HBS-i habar berýär. «Biz toplumy gurmagyň ahyrky tapgyryna gadam goýduk. Onuň öz wagtynda ulanyşa giriziljekdigine hiç hili şübhe ýok. Toplum 2017-nji ýylyň martynda ulanyşa giriziler» diýip Kalininiň sözlerini БелаПАН agentligi getirýär. Öň...

Daýhan birleşiklerine tebigy gaz

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Bereket» daýhan birleşigine «Üçdepe» gaz bekedinden täze gaz geçiriji çekildi. Bu gaz geçirijisi şeýle hem «Watan» we «Keseýap» daýhan birleşikleriniň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam eder. Uzynlygy 54 kilometr bolan ýokary basyşly bu gaz geçirijisiniň gurluşygyny «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk birleşiginiň işgärleri ýerine ýetirdi. Bu gaz geçiriji ýylyň bütin dowamynda...

Güýçli bäsdeşlikden soň düzgünleşdirmäniň çäklerinde nebitiň bahasy aşaklaýar

Nebit bazarlaryny kadalaşdyrmak boýunça OPEK ýurtlarynyň ylalaşyk gazanmaga bolan ymtylyşlaryndan soňra sişenbe güni irdenden başlap dünýäde nebitiň bahasy aşaklap başlady, diýip РИА Новости habar berýär. Brent kysymly demirgazyk deňiz garyndylarynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy bir barrel üçin 0,24 göterime - 50,77 dollara çenli aşak düşdi. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleri bir barrel üçin 0,35 göterim – 48,64...

Türkmenistan Owganystan bilen söwda dolanyşygyny ösdürýär

Türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky Ymamnazar gümrük nokady Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu günki gün bu desga dünýäniň esasy tehniki serişdelerini öndürijileriň döwrebap rentgen enjamlary, kompýuter ulgamy, radiasion gözegçilik enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi. Ymamnazar gümrük nokady arkaly Türkmenistandan Owganystana nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, beýleki ýükler hem-de beýleki...

Türkmenistanda desgalary gurmak boýunça şertnamalaryň 80 göterimi ýerli kompaniýalara tabşyrylar

Türkmenistanyň çäklerinde desgalary we binalary gurmak barada daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplary bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny hasaba almazdan  azyndan 80 göterimini ýerli gurluşyk kärhanalary amala aşyrmaly. Bu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararynda göz öňünde tutulýar. Resminamada bellenilişi ýaly, bu...

Seýdiniň NGIZ-da Ýewro-5 kysymly benzin öndürmek boýunça desgany oturtmak işi tamamlanyp barýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda Ýewro-5 kysymly benzini öndürýän desgada gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagtda desgada tehnologik prosesleri awtomatik usulda dolandyrýan ulgamy birikdirmek we sazlamak işleri, tehnologik enjamlary opresslemek (bug sütüni, reaksiýa kameralary we ş.m.), elektrik hereketlendirijileri we nebit sorujylaryny barlamak işleri alnyp barylýar. ЛЧ-З5-11/1000  katalitik riforming desgasynyň taslama kuwwaty ýylda 500 müň...

2014