Habarlaryň arhiwi ()

Nebitiň bahasy arzanlamadan soň gymmatlap başlady

Sişenbe güni aşaklamadan soňra nebitiň bahalary çarşenbede ýene öňki durkuna geldi. Maýadarlar nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler, diýip Interfaks agentligi habar berýär. Brent kysymly nebitiň martdaky fýuçersleri Londonyň ICE Futures biržasynda 15:35-de 0,17 dollar (0,31 göterim) ýokarlanyp – bir barrel üçin 56,64 dollara deň boldy. WTI kysymly nebitiň fewraldaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky elektron...

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk...

Täze ýylda Türkmenistanda ilkinji nobatda Prezident saýlawlaryna möhüm ähmiýet berilýär

2017-nji ýyl uly taryhy wakalara beslener. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar, diýip döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryna Täze ýyl gutlagynda aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saýlawlara ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gatnaşmagy onuň ýokary derejede bäsleşikli geçmegini üpjün eder. «Men...

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler maksatnamalary bilen çykyş etdiler

Türkmenistanda 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilen döwletiň iň ýokary wezipesine dalaşgärleriň saýlaw möwsümi dowam edýär. Ýurduň Merkezi saýlaw topary syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparylary tarapyndan öňe sürlen dokuz sany dalaşgäri hasaba aldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Demokratik partiýadan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan - «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýew, Agrar...

2016-njy ýyl dürli ulgamlarda, içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda gazanylan ýeňişlere we üstünliklere beslendi – Türkmenistanyň Prezidenti

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Täze ýylyň baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri döwlet Baştutanymyzy bu röwşen baýram bilen gutlap, hormatly Prezidente tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, çäksiz gujur-gaýrat arzuw...

Brent nebitiniň barreliniň bahasy – 56,18 dollara, WTI-niňki – 53,76 dollara çenli arzanlady

Şu gün nebit arzanlap ugrady. Brent kysymly nebitiň fewraldaky fýuçersleri London biržasynda 290njy dekabrda sagat 8:04 wagta çenli 0,04 dollar (0,07 göterim) arzanlap, bir barreli 56,18 dollara barabar boldy. WTI nebitiniň fewral üçin bahalary Nýu-Ýork haryt biržasynda bellenilen wagta çenli 0,30 (0,55 göterim) dollar arzanlap bir barrel üçin 53,76 dollara barabar boldy, diýip Nebitgaz maglumatlary...

Täze ýylyň bellenilýänligi mynasybetli dynç güni 2017-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç güni 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirilýär. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Resminamada bellenilişi ýaly, bu ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat...

V Aziýa oýunlarynyň atly ýörişi Daşoguza geldi

Deňizýaka Türkmenbaşy şäherinden soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli 500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar Daşoguza geldiler. Uly sport oýunlarynyň hoş habarçylarynyň gelmegi mynasybetli mynasybetli Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada uly dabara gurnaldy. Oňa Täze ýylyň esasy gahrymanlary – Aýazbaba we Garpamyk, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, artistler, ak sakgally ýaşulular, sport bilen meşgullanýan ýaşlar...

Nebit çykarylyşyny çäklendirmäge garaşylýan döwürde onuň bahasy ýokarlanýar

OPEC we oňa girmeýän döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşykdaky borçnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşyklylykda sişenbe güni nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar, diýip РИА Новости söwda geleşikleriniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. 20:15 wagtda çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň martdaky fýuçersleriniň bahasy 1,16 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 56,55 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň fewraldaky...

Hazaryň hukuk derejesi boýunça Iş toparynyň duşuşygy ýanwarda Bakuda ýa-da Aşgabatda geçiriler – Azerbaýjanyň DIM-i

Hazaryň hukuk derejesi baradaky Konwensiýany işläp düzmek boýunça ýörite Iş toparynyň nobatdaky mejlisi 2017-nji ýylyň ýanwarynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda ýa-da Bakuda geçiriler, diýip Azerbaýjanyň DIM-niň orunbasary Halaf Halafowyň beýan eden sözlerini Interfaks-Azerbaýjan habar berýär. «Iş toparynyň nobatdaky mejlisi ýanwaryň üçünji ongünlüginde geçiriler. Ol ýa Aşgabatda, ýa Bakuda bolar. Häzirki wagtda bu mesele boýunça ylalaşyk işleri dowam...

Gurbanguly Berdimuhamedowyň dalaşgärlik maksatnamasy Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmagy maksat edinýär

Ýakynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary Gurbanguly Berdimuhamedowy 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda dalaşgär hökmünde bellige aldy. Kanunçylyga laýyklykda, döwlet Baştutany HBS-de öz dalaşgärlik maksatnamasy bilen çykyş etdi. Ilkinji nobatda Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, senagatda we oba hojalygynda, telekeçilikde ýokary zähmet öndürijiligini gazanyp, bäsleşige ukyply türkmen...

Balkanly nebitçiler täze tehnikalary aldylar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça Balkandaky müdirligi HHR-de öndürilen dürli maksatly awtomobil tehnikalaryna eýe boldy. Iň täze tehnikalary almak baradaky şertnama «Türkmennebit» DK bilen «Yantai Jereh Petroleum Equipment and Technologies Co., Ltd.» meşhur hytaý kompaniýasy bilen baglaşyldy. Täze awtomobil tehnikalaryny kabul etmek dabarasynda müdirligiň işgärleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. «Türkmennebit» döwlet konserniniň...

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 sany dalaşgär bellige alyndy

Raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen ýene-de bäş dalaşgär Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Şeýlelik bilen, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna 9 adam bellige alyndy. Bellige alnanlaryň arasynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Mejlisiň deputaty...

Türkmenistanyň Prezidenti 2016-njy ýylyň deslapky jemlerini jemledi

26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň deslapky jemlerini jemledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar bolup geçýär. Ösýän ýurtlaryň köpüsinde...

2017-nji ýyldaky saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dört sany dalaşgär hasaba alyndy

24-nji dekabrda bolup geçen Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde 2017-nji ýylyň fewral aýyndaky saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi boldy. Bu wezipä ilkinji dalaşgär hökmünde häzirki Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasaba alyndy. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň şahadatnamasyny gowşurdy. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen döwlet baştutany...

2014