Habarlaryň arhiwi ()

Türkmenistanda koronawirus bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady — DIM

Türkmenistanda koronawirus bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen brifingde aýdyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Ýurdumyza ýiti wirus ýokanç keselleriň, hususan-da,  COVID-19 koronawirusynyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilen çärelere bagyşlanan brifingde daşary...

Halkara Zenanlar güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy

Şu günlerde Türkmenistanyň kärhanalarynda, edaralarynda, ministrliklerinde 8-nji mart — Halkara Zenanlar gününe bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlara dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşurylýar. Şular ýaly dabaralaryň biri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygy guramasynda geçirildi. Dabara müdirlikde zähmet çekýän 200-den gowrak zenanlar gatnaşdy. Dabaraly ýagdaýda olara pul sowgatlary gowşuryldy, baýramçylyk gutlaglary ýaňlandy, ýagşy...

«Türkmenabatşähergaz»: Lebap welaýatynyň üznüksiz gaz üpjünçiligi

Lebap welaýatynyň «Türkmenabatşähergaz» gaz hojalyk müdirligi tutuş sebitiň üznüksiz gaz bilen üpjünçiligini üpjün edýär. Kärhananyň hünärmenleri köp ýyllaryň dowamynda ýokary hünär taýýarlygyny we derejesini görkezýärler. «Türkmenabatşähergaz» müdirligi 560 kilometrden gowrak gaz geçirijini ulanýar, 47 müňden gowrak gazlaşdyrylan öýlere we öý hojalyklaryna, 62 gazpaýlaýjy beketlere, 455 gaz sazlaýjy desgalara hyzmat edýär. Kärhanalaryň aglabasynyň işi we Lebap welaýatynyň...

Türkmenistan — awtomobil benzinleriniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Türkmenistan 2019-njy ýylyň jemleri boýunça iň arzan benzinli döwletleriň onlugyna girdi. Ýurdumyzda A-95 benzininiň 1 litriniň bahasy 1,5 manat ($0,43). Şu görkeziji boýunça, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda birinji, dünýäde sekizinji ýerde durýar. Şu reýtingde 2019-njy ýylda dokuzynjy orny Gazagystan eýeledi. Ol ýerde benziniň bir litri $0,46-dan, onuň yzyndan bolsa, Azerbaýjanda $0,47 bahadan ybarat. Dünýä boýunça benziniň bir...

Türkmenistanyň energiýa serişdelerini eksport etmegiň taslamalary halkara forumlarynyň üns merkezinde

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde şu ýylyň 24-25-nji fewralynda geçirilen “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahatyň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň...

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Onuň dowamynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işlerini yzygiderli kämilleşdirmek...

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer, daşary işler ministrini we «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysyny Marokko gulluk iş saparyna ugratdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew 2020-nji ýylyň 4-6-njy martynda Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparyny amala aşyrar. Degişli tabşyrygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni ýurduň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda berdi. Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparynyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary...

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmeli

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek zerur. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda belledi. Döwlet Baştutany hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmak...

Katar Türkmenistandaky iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Geçen şenbe güni Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki saparlarynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny...

Maryda «Türkmengaz» döwlet konserniniň nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasy dabaraly ýagdaýda açyldy

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Binanyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyplar gatnaşdylar. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň  1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528...

«Türkmengaz» DK-nyň ulag müdirligi: döwrebap tehnikalar iş depginini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ulag müdirliginde hereket edýän ýöriteleşdirilen tehnikalaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Kuwwatly we ýokary öndürijilikli awtomobiller, traktorlar we beýleki döwrebap awtotehnikalar «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw desgalaryna, şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň beýleki kärhanalaryna we desgalaryna ýükleri daşamagyň tizleşmegine ýardam edýär. Geçen ýylda bu müdirlik boýunça ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 47 mln 400 müň manat, daşalan...

«Türkmennebit» DK-nyň düzümlerinde innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy — nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň girewi

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň ykdysady ösüşine düýpli goşandyny goşýar. «Gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmak, nebitgaz guýularyny senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen ýerastyny, guýularyň geçelgelerini, nebitiň çykarylyşyny derňemegiň köp sanly tehnologiýalary we usullary ornaşdyryldy. Netijede 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda konsern boýunça goşmaça çykarylan nebitiň möçberi 2310 tonna barabar boldy. «Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri bu üstünlige önümçilikde täze...

Türkmenistanyň Prezidenti ýylyň ahyryna çenli ähli edara-kärhanalara web-saýtlary döretmegi we elektron resminama dolanyşygyny girizmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip...

2014