Habarlaryň arhiwi (2020-1-20)

Kawasaki Heavy Industries ЕСО-93 benzini öndürýän zawody dolandyrmak boýunça «Türkmengazyň» maslahatçysy bolar

Kawasaki Heavy Industries ýapon kompaniýasy Owadandepedäki zawody dolandyrmakda maslahat bermek hyzmatyny üpjün edýär. Bu çözgüt Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken resminamasy bilen berkidildi. Hususan-da, mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, gazhimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, degişli pudaklara dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýa Federasiýasynyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan...

2014