Habarlaryň arhiwi (2020-4-15)

Bag ekmek boýunça çäreler dowam edýär

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýazky bag ekişlik çäreleri dowam edýär. «Daşoguzgazüpjünçilik» we «Daşoguzgazçykaryş» müdirlikleriniň işgärleri hem bu ählihalk çäresinden çetde durman, bag ekmek çäresine işjeň gatnaşýarlar. 150 sany awtomobile hyzmat etmäge ukyply Daşoguz-Köneürgenç AÝGB-niň töweregindäki çäklerde miweli we pürli agaç nahallarynyň dürli görnüşleri oturdyldy, dikeldiş işleri geçirildi. Bag nahallary oturdylan ýerlerde damjaly suwaryş ýola goýuldy....

«Türkmennebit» DK: goşmaça çykarylýan nebitiň möçberleri artdyrylýar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk hem ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitçileriniň öňünde täze känleri işläp taýýarlamagy çaltlandyrmak, ulanyşdaky meýdançalaryň öndürijiligini artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny toplumlaýyn mehanizirlemek we awtomatlaşdyrmak ýaly wezipeler durýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki känleri özleşdirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde «Türkmennebit» DK-nyň geçiren degişli işleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt...

2014