Geofiziki barlaglar häzirki döwürde nebit we gaz känlerini gözlemekde we özleşdirmekde aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda bu ugurda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» edarasynyň hünärmenleri tarapyndan Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän nebit we gaz känlerinde geofiziki gözleg işleri döwrebap usulda alnyp barylýar. Geologlar Gumdag, Indarlan, Kelkar, Jebel, Goturdepe we Uzynada nebit känlerinde seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek bilen uly tejribe...