Habarlaryň arhiwi (2019-11-29)

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletlerini Owganystany sebit taslamalaryna işjeň çekmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Owganystanda ylalaşdyrmak işlerine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. «Men Türkmenistanyň bu babatda garaýşyny tassyklaýaryn, ol barada biz ozal hem ençeme gezek beýan edipdik. Bitarap döwlet we ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy usul arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän...

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlary kesgitlenildi

Daşkentde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwürde Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegi, ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy zerur bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlary boýunça iri düzümleýin...

2014