Habarlaryň arhiwi (2020-2-20)

«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine edilen işler barada hasabat berdi

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykda dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz toplumynda kompaniýa ynanylan taslamalary ilerletmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, Hazaryň türkmen ýalpaklygyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri...

Azerbaýjan we Gruziýa Türkmenistanyň nebit önümlerini üstaşyr geçirmegiň nyrhlaryny arzanlatdy

Türkmenistanyň nebit önümleriniň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen üstaşyr geçirilmegi täze nyrhlar boýunça amala aşyrylar. Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demir ýol kompaniýalary Türkmenistanyň nebit önümleriniň aşaklandyrylan nyrhlarda möwsümleýin üstaşyr geçirilmegi hakynda Ylalaşyga gol çekdiler, diýip «Gruzin demir ýollary» PJ-niň metbugat-gullugy habar berýär. Habar berlişi ýaly, gepleşige gatnaşyjylar türkmen nebitini we nebit önümlerini daşamak üçin ýeke-täk nyrh meselesini...

2014