6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň»  taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji duşuşygy öz işine başlady. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak...