Çelýabinsk turba öndüriji zawody (ÇTPZ) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin turbalary Türkmenistana doly mukdarda iberdi. Bu barada Interfaks ÇTPZ-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Kompaniýa 150 müň tonnadan ybarat turbalary getirdi. Turbalaryň diametri 1,422 mm bolup, antikorroziýa örtügi bilen örtülen we X70 berklikli metaldan ýasalan. Russiýanyň ÇTPZ kompaniýasy gurluşygy...