Habarlaryň arhiwi (2020-2-10)

Ýangyç-energetika toplumynyň 2019-njy ýylda ösüşiniň jemleri jemlenildi we ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň jemleri jemlenildi. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak,...

Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň öňünde 2020-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipeleri ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini gowulandyrmakdan, girdejilerini artdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden we maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin hökümet mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ösüşini, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmagy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini çözmekde ýerli häkimiýetleriň...

Türkmenistanyň Prezidenti: 2019-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depginleri dowam etdi

Umuman, geçen ýyl abadançylykly ýyl boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda geçen ýyla şeýle baha berdi. Öz çykyşynyň barşynda döwlet Baştutany geçen ýylda ýerine ýetirilen işlere baha berdi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli...

2014