Habarlaryň arhiwi (2020-4-20)

Türkmenistan «Fitch Ratings» reýting agentligi bilen şertnama baglanyşmaga taýýarlanýar

Türkmenistan maliýe halkara derejesini kesgitlemek babatda «Fitch Ratings» halkara agentliginiň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň özbaşdak reýtingini almak boýunça teklipler taýýarlanyldy hem-de bu agentlik bilen degişli şertnamany baglaşmak boýunça işler alnyp barylýar. «Fitch Ratings» iň iri halkara...

Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy kämilleşdirilýär

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçen anna güni geçiren nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistanyň Geologiýa gaznasynyň gurluşy hem-de ony döretmegiň, maglumatlaryny alyp barmagyň we peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýerasty baýlyklardan hem-de olar baradaky geologiki maglumatlardan peýdalanmak «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şweýsariýadan, Maltadan, Gazagystandan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Polipropilen we EСO 93 belgili awtobenzin («Türkmengaz» DK) Russiýadan we Owganystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary...

2014