Habarlaryň arhiwi (2020-4-24)

Türkmenistan we Özbegistan önümleriniň, şol sanda nebitgaz pudagynyň önümleriniň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär

23-nji aprelde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşykda iki ýurduň özara haryt dolanyşygynyň derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk iki ýurduň degişli edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri...

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Germaniýanyň «Commerzbank AG» banky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda penşenbe güni Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda  german kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmeklik meselesine garalady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we  Türkmenistan bilen GFR-iň öňdebaryjy karz beriş edaralarynyň...

2014