Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlyklarynyň täze orunbasarlaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu wezipede işlän Bäşimow Nepes Kadyrgulyýewiç işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Tejimowiç Rozyýew «Türkmengeologiýa»...