Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň,...