Habarlaryň arhiwi (2020-1-2)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri bellediler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Täze ýylyň öňüsyrasynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini bellediler. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ýetip gelýän Täze, 2020-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutlap, berk jan saglyk, ähli oňyn başlangyçlarda hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň bähbidine bilelikdäki işlerde uly üstünlikler arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň...

Putin Russiýanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem berkidilmegine ynam bildirdi

Täze ýylda Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan wajyp gatnaşyklary berkitmek boýunça bilelikdäki işleri netijeli dowam etjekdigimize ynanýaryn, diýlip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Täze ýyl mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda aýdylýar. «Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belleýärin» diýlip, Gutlagda bellenilýär. Şeýle...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze...

2014