Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşen Uzynada känini özleşdirmek işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. №8 gözleg guýusyndan 7000 metr çuňlukda «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli amala aşyrdylar. Häzirki zaman buraw enjamlarynyň we desgalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy diňe bir tebigy gazyň akymyny artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, iri möçberli...