Habarlaryň arhiwi (2020-4-3)

Türkmenistan we Gruziýa Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň hökümet wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi, bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gruzin tarapyna Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwili ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de gruzin tarapyndan Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Maliýe ministriniň orunbasary, agentlikleriň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler...

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri söwda-ykdysady gatnaşyklary dowam etdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde koronowirus pandemiýasy şertlerinde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler şeýle hem dünýä ykdysadyýetine ýaramaz täsir edýän koronowirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşarky ýagdaýlara...

2014